Habarlar
1612a5331d05b8.jpeg
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasibetli dabaraly çäreler geçiriler
28.08.21 - 20:16

Şanly sene mynasybetli döredijilik duşuşyklary, sanly ulgam arkaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar, şygryýet agşamlary, mowzuklaýyn maslahatlar geçiriler we yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler.


1611fca6fb958a.jpeg
Maryly tansçy Jeýhun Aga-Tagyýew Aşgabatda boljak «Tomus gijesinde görlen düýş» atly konsertde çykyş eder
20.08.21 - 20:29

21-nji awgustda Maryly tansçy Jeýhun Aga-Tagyýew Aşgabatda “Türkmenistan” kino-konsert zalynda boljak «Tomus gijesinde görlen düýş» atly konsertde çykyş eder.


1611f6a7cc06b2.jpeg
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
20.08.21 - 13:40

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


1611d19dc58b0c.jpeg
Aşgabyň Botanika bagynda çeper elleri bilen döredilen ownuk önümleriň ýörite bazary geçirildi
18.08.21 - 19:31

Geçen ýekşenbe gününde aşgabyň Botanika bagynda türkmen ussalarynyň çeper elleri bilen döredilen ownuk önümleriň ýörite bazary – “El hünäri” geçirildi, diýip «Türkmenistan altyn asyr» saýty habar berýär. Ol, oglanlar üçin gips şekillerini reňklemegiň, gyzlar üçin bolsa monjuklardan we hünjülerden bilezik ýasamagyň ussatlyk sapagy bilen başlandy.


1610fb41eb505c.jpeg
Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurulýar
08.08.21 - 15:38

Türkmenistan bilen Özbegistanyň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurlar, diýip Türkmenistan altyn asyr saýty habar berýär. Gurluşyk meýdançasy hökmünde “Güneş” seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy.


1610a567e40b49.jpeg
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrapda döwrebap dynç alyş seýilgähi gurular
04.08.21 - 13:57

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine S.A.Nyýazow adyndaky etrapda çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.


161083b2ce5cbd.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti agtyklary bilen “Rahat” atly gämisinde Hazar deňzinde gezelenç etdi
02.08.21 - 23:20

Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1 awgustda agtyklary bilen “Rahat” atly häzirki zaman gämisinde Hazar deňziniň giňişliklerinde gezelenç etdi.