Habarlar
164b5134a06557.jpeg
Ýarym ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
17.07.23 - 15:09

Durmuşa geçirilen çäreleriň netijesinde 2023-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde artdy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.


164b5122bb01a4.jpeg
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda nebitgaz toplumynyň birinji ýarym ýylda işiniň jemleri jemlenildi
17.07.23 - 15:04

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.


164b3cb519d24f.jpeg
Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklar, pensiýalar we döwlet kömek pullar, talyp we diňleýji haklary 10 göterim ýokarlandy
15.07.23 - 10:47

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany.


164aec162ae57d.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny gutlady
12.07.23 - 20:06

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewe bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


164aebc2ab378b.jpeg
Wodorod energetikasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
12.07.23 - 19:43

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisinde Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny ýerine ýetirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


164abe151b9774.jpeg
Prezident «Türkmengeologiýa» DK-nyň geologiýa gözleeg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
10.07.23 - 15:45

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


164a6b3917acb8.jpeg
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ileri tutulýan ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
06.07.23 - 17:29

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen geçiren gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gün tertbiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


164a5508584a3a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi
05.07.23 - 14:14

Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.


164a54df3717a8.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär
05.07.23 - 13:17

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.


164a10e8d82cf6.jpeg
Rejep Ärdogan Türkmenistanyň Baştutanyny Arkadag şäheriniň üstünlikli açylmagy bilen gutlady
02.07.23 - 10:43

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Baştutanyny «akylly» şäher Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.


1649de977987d4.jpeg
2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi
30.06.23 - 01:28

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Şeýle hem resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


1649d65fb4ebc2.jpeg
Ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheri açyldy
29.06.23 - 12:07

29-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralara badalga berildi.


1649d248c43edc.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerini we okyjylaryny gutlady
29.06.23 - 11:28

Türkmenistanyň Prezidenti «Arkadag» gazetiniň döredijilik işgärlerini we okyjylaryny gutlady.


1649c08f8d47e8.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady
28.06.23 - 09:17

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny belent ahlaklylygyň, ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.


16499c6b9c4c20.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň ulag düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar
25.06.23 - 11:10

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar.