Habarlar
163ee6eb58b494.jpeg
Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika, ulag-üstaşyr ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
16.02.23 - 22:58

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda energetika, ulag we üstaşyr ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


163ebd3fedfaba.jpeg
Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin 37,4 mlrd manat möçberde maýa goýum maksatnamasy tassyklanyldy
14.02.23 - 23:33

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasyny tassyklady, resminama laýyklykda, onuň möçberi 37,4 mlrd manada deň. Degişli resminama ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde neşir edildi.


163ebd2bb1010d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady
14.02.23 - 23:28

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama geçen anna güni gol çekdi.


163ea24f600da8.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
13.02.23 - 16:54

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy (2023-nji ýylyň 10-njy fewraly)


163ea1452be990.jpeg
Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň 2022-nji ýyl boýunça jemleri jemlenildi
13.02.23 - 15:43

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.


163ea1384b7d4b.jpeg
Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumy boýunça täze wise-premýer bellenildi
13.02.23 - 15:40

Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni 2022-nji ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.


163e7662c5afa4.jpeg
Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna ikinji ynsanperwerlik kömegini türkmen zenanlarynyň adyndan iberildi
11.02.23 - 14:55

10-nji fewralda Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasyna ikinji ynsanperwerlik kömegi iberildi. Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygyny nazara alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini berildi.


163e5250cea5da.webp
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkiýede betbagtçylyga uçranlaryň arasynda Türkmenistanyň raýatlary hem bar, döwletimiz olara goldaw bermäge taýýar
09.02.23 - 21:53

Türkiýede bolup geçen elhenç ýer titreme şol wagt bu ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hem başyna ýetdi. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna baryp görmeginiň barşynda aýtdy.


163e495ac48f98.jpeg
Ýurdumyzda ýakyn wagtda Türkiýede tebigy heläkçilik zerarly şehit bolanlary hatyralap sadaka beriler
09.02.23 - 11:41

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.


163e483577c410.jpeg
Türkiýe Respublikasynda bolup geçen ýertitreme mahalynda bu sebitde bolýan Türkmenistanyň raýatlaryna maglumat
09.02.23 - 10:23

Türkiýe Respublikasynyň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme mahalynda bu sebitde bolýan Türkmenistanyň raýatlary kömek-maslahatlary we maglumatlary almak üçin, şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilerler.


163e3d7c2c8e1d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda muzdsuz suwuklandyrylan gaz ibermek hakynda tabşyryk berdi
08.02.23 - 22:11

Türkmenistan gyş möwsüminde ýangyç çig malynyň ýetmezçiligi zerarly kynçylyk çeken Özbegistana goldaw bermek üçin bu ýurda suwuklandyrylan gaz iberer.


163e3d6460a8cf.jpeg
Pekinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
08.02.23 - 22:05

Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Sianyň Nebit uniwersitetiniň Halkara bilim kollejiniň we Ýüpek ýolunyň energetika kollejiniň direktory hanym Don Hao bilen duşuşdy. Bu barada Orient habar berýär.


163e33f64ebfe2.jpeg
Türkmenistan Türkiýä derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we dokma önümlerini iberdi
08.02.23 - 11:21

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.


163e28df1c96dc.jpeg
Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady
07.02.23 - 22:44

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady diýip, Trend agentligi ýazýar. Karara laýyklykda, Azerbaýjanyň Maliýe ministrligine 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitinde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň makullan ylalaşygynyň düzgünlerini durmuşa geçirmeklik tabşyryldy.


163e28aa963106.jpeg
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
07.02.23 - 22:30

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen geçiren duşuşygynda syýasy-ykdysady, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.