Ykjam telefonlaryň peýdaly aýratynlyklary
30.09.22 - 23:32Telefony sim-kartasyz ulanmagy göz öňüne getirmek kyn. Şeýle-de bolsa, täze ulgamyň kömegi bilen häzirki wagtda sim-kartasyz telefonlaryň ulanylyşynyň gerimi barha giňeýär.
Armydyň peýdasy
30.09.22 - 22:52Köpýyllyk miwe berýän agaçlaryň biri-de armytdyr. Häzirki wagtda onuň 500-den gowrak görnüşi bellidir. Miwäniň yşyklandyryja meňzeş, tegelek we silindr ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Armydyň gabygy ýuka we galyň, reňki açyk, goýy sary, goňur we gyzyl mämişi bolýar.
Çaga terbiýesinde peýdaly maslahatlar
20.09.22 - 22:39Her bir ata-ene öz çagasynyň akylly, terbiýeli, başarjaň, maksada okgunly, ruhubelent, geljege ynamly adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesi ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň hatarynda goýlupdyr. Türkmen halky nesil terbiýesini mukaddes hasaplap, bu babatda kemala gelen milli ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdir.
Zeýtun — witaminleriň we minerallaryň gory
16.09.22 - 20:31Zeýtun witaminleriň we mikroelementleriň baý toplumyny özünde saklap, oňa «Ortaýer deňziniň suwuk altyny» diýilýär. Bu täsin önümden taýýarlanylýan zeýtun ýagy bolsa durmuşda giňden ulanylýar. Witamin ýetmezçiliginiň öwezini dolýan zeýtun gündelik iýmitlerde, lukmançylykda, halk tebipçiliginde gymmatly serişde hasaplanýar.
Mekgejöweniň peýdasy barada
14.09.22 - 23:10Mekgejöwen ýüz ýyl mundan ozal iň ekzotik önümleriň biri bolupdyr, şeýle-de bolsa häzirki wagtda ol giňden ýaýrandyr. Taryhçylaryň bellemegine görä, mekgejöwen gadymy hindilerde mukaddes önüm hasaplanypdyr.
Atda gezelenç etmegiň peýdasy
11.09.22 - 17:37Türkmeniň behişdi ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň, baý geçmişiniň aýrylmaz bölegi bolup, gymmatly milli baýlygymyz hasaplanýar. Häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň barlaglary atda gezelenç etmegiň ynsan bedenine edýän peýdasyny, ruhuňy göteriji, şähdiňi açyjy aýratynlyklaryny ýüze çykardy.
Stress we ondan halas bolmagyň ýollary
07.09.22 - 16:38Stress, adamyň durmuşynyň dürli döwürlerinde ýüze çykýan, adaty tertibe täsir edýän we uýgunlaşmagy talap edýän her dürli ýagdaýy öz içine alýar. Stress faktorlary gysga möhletli "ýiti" ýa-da uzak dowam edýän "dowamly" faktorlar bolup biler. Ýiti stresler ýakyn adamyňy ýitirmek, aýrylyşmak, iş ýerini üýtgetmek, karzy yzyna almak, ýaşaýan ýeriňi üýtgetmek ýaly üýtgeşmeleri, şeýle hem nikalaşmak, adatdan daşary şahsy üstünlik, dynç alyşa gitmek ýaly faktorlary öz içine alyp biler.
Jana şypaly garpyz
16.08.22 - 21:31Türkmen topragynyň bereketli önümi bolan garpyz tomus paslynda suwsuzlygyňy gandyryjy, şirin tagamly, saglygyňa peýdaly, hemmeler tarapyndan uly höwes bilen saçaklara alynýan, günde diýen ýaly kabul edilýän önümleriň birine öwrülýär. Garpyzyň düzüminde A, B, C, E witaminleri, magniý, kaliý, kalsiý, fosfor, demir, natriý ýaly himiki elementler bar. Şeýle-de, onuň düzüminiň 90 göterimi suwdan ybaratdyr. Bu bolsa bedeniň suwunyň deňagramlylygyny saklamakda peýdalydyr.
Gawun — şirin derman
15.08.22 - 00:39Tomus möwsüminde bereketli türkmen topragynyň boldan eçilýän lezzetli önümleriniň biri-de gawundyr. Gadym zamanlardan bäri güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ýetişen gawun-garpyzlar beýleki döwletlerde uly meşhurlykdan peýdalanýar.
Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly
15.07.22 - 23:58Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.
Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri
14.07.22 - 20:48Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.
Gaýnag suw – derdiňe derman
13.07.22 - 12:11Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.
Ýürek üçin peýdaly içgiler
26.06.22 - 10:20Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.
Kelem — saglyga peýdaly önüm
26.06.22 - 10:01Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.
Çaga terbiýesinde peýdaly maslahatlar
25.06.22 - 18:56Her bir ata-ene öz çagasynyň akylly, terbiýeli, başarjaň, maksada okgunly, ruhubelent, geljege ynamly adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesi ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň hatarynda goýlupdyr. Türkmen halky nesil terbiýesini mukaddes hasaplap, bu babatda kemala gelen milli ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdir.