Habarlar
160d8e0bd0f306.jpeg
Ýurdumyda internet hyzmatlarynyň bahalary arzanladylar
28.06.21 - 01:34

Ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany barha artýar. Şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýar.


160d8d0fd429b3.jpeg
Adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär
28.06.21 - 00:31

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.


160d80a6f0bcb0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady
27.06.21 - 10:28

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady.


160d7377fdfe10.jpeg
Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde liderligi saklaýar
26.06.21 - 19:20

Hytaý 2021-nji ýylyň aprelinde 4 milliard 227 million kub metr tebigy gazyny import etdi. Bu 2020-nji ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 800 mln kub metr köpdür. Türkmenistan Hytaýa 2 milliard 576 million kub metr tebigy gazyny iberdi we gaz eksport edijileriň arasynda birinji orny eýeledi.


160d7362fa91ac.jpeg
Özbegistan satyjydan «Gazpromdan» türkmen gazyny satyn alyja öwrüldi
26.06.21 - 19:15

Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna gaz satyjydan alyja öwrüldi. Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň ýewro obligasiýalary boýunça resminamalaryna salgylanyp, “Interfaks” habar gullugy duşenbe güni habar berdi.


160d5880ded13a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
25.06.21 - 12:40

24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


160d431b69a214.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jurnalyň täze sany çap edildi
24.06.21 - 12:20

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik, ylmy-publisistik žurnalynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky nobatdaky sany çap edildi. Žurnalyň ilkinji makalasy ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara forumyň işine bagyşlanypdyr. Makalada işewür hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, nebitgaz toplumynyň düzümleriniň üstünlikleri we geljegi beýan edilýär.


160d42ad1834d4.jpeg
Türkmenistan noýabrda Aşgabatda YHG agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär
24.06.21 - 11:51

28-nji noýabrda Aşgabatda YHG-nyň XV sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sammite görülýän taýýarlyk işleri barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.


160d355edcf114.jpeg
HHR-iň kompaniýasy «Galkynyş» käninde täze guýulary gurmak boýunça halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy
23.06.21 - 20:41

«CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd» hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Bu barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.


160d2f9fba9f00.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary başlandy
23.06.21 - 14:09

22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady. Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýat häkimi milli Liderimize sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.


160d2deefa052e.jpeg
Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy
23.06.21 - 12:14

22-nji iýunda Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär.


160d1da74c8932.jpeg
Türkmenistan – Hytaý: strategik hyzmatdaşlar we hoşniýetli dostlar
22.06.21 - 17:41

“Türkmengaz” Döwlet konserni “mawy ýangyjy” batly depginler bilen çykarmagy dowam edýär. Şu ýylyň bäş aýynda ýerastyndan tebigy we ugurdaş gazyň 32,6 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy, bu geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 6 milliard kubmetre golaý köpdür. Ösüş depgini 122,2 göterime deň boldy. Eksport 31,6 göterimden gowrak artyp, 18,6 milliard kubmetrden hem ýokary boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.


160d0e2743067b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
22.06.21 - 00:03

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raise Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


160d0d99a938de.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady
21.06.21 - 23:22

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe onuň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


160d093e86c557.jpeg
22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler
21.06.21 - 18:31

22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligiň maksatnamasy dürli çäreleri, şol sanda maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişini hem-de ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde jemleýär.