
«Lebapgazçykaryş»: bäş aýda 5,1 mlrd kub metr gaz çykaryldy
20.06.21 - 14:40«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň bäş aýynda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar. 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda tebigy gazyň önümçiligi 5,1 mlrd kub metre barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 140%-e deň boldy.

Zergär nebit önümleri kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri tamamlanýar
20.06.21 - 14:19Türkmenabadyň nebit önümleri kärhanasynyň Zergärde ýerleşen iri şahamçalarynyň birinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Abatlaýyş işlerini «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Lebap welaýatynda gurluşyk we abatlaýyş boýunça hojalyk hasaplaşygyndaky müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirýärler.

Türkmenistanda portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy
20.06.21 - 12:53Sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy.

TNGIZT-de bäş aýda benzin we suwuklandyrylan gaz çykarmak boýunça meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi
19.06.21 - 17:51Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň bäş aýynda içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligi düýpli ýokarlandy.

TNGIZT-e bäş aýda 1,8 mln tonna «gara altyn» iberildi
19.06.21 - 16:08Magistral nebitgeçirijileriniň müdirliginiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çäginde çykarylýan «gara altyny» TNGIZT-e ýetirmekde ýokary netijeleri gazandylar.

Ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar
17.06.21 - 12:50Suwdan oýlanyşykly peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry. Munuň özi, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny depginli ösdürmek, daşky gurşawy goramak we ilaty arassa agyz suwy bilen yzygiderli üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmek bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde eden çykyşy
17.06.21 - 11:39Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde eden çykyşy.

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
17.06.21 - 11:1816-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
16.06.21 - 19:0915-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar
16.06.21 - 16:32Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy bilen baglylykda, olary täzeden döretmek we düzümine wekilleri hödürlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

TNGIZT Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn alar
15.06.21 - 17:44Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn almagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistan HHR tarapyndan gaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge bölünip berlen karzlaryny doly gaýtardy
15.06.21 - 17:31Türkmenistan gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Hytaýdan çekilen karz serişdelerini dolulygyna gaýtaryp berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Daşoguz welaýatynyň gaz üpjünçilik torlaryna ýokary derejede ideg edilýär
15.06.21 - 16:02«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk edarasynyň işgärleri welaýatyň gaz üpjünçilik we gaz paýlaýjy torlaryna ýokary derejede ideg edýärler. Kärhanada ýöriteleşdirilen işleriň ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýän önümçilik binýady döredildi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.06.21 - 13:56Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy.

Harby akademiýanyň, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny sarpalamak dabarasy boldy
14.06.21 - 21:2312-nji iýunda Harby akademiýanyň, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny sarpalamak dabarasy boldy.