Habarlar
163a4986baaf88.jpeg
NEXI ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
22.12.22 - 22:48

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.


163a475fc087d7.jpeg
Täze Arkadag şäheri Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi boldy
22.12.22 - 20:21

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda.


163a3cc89a9a8a.jpeg
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurlan edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy
22.12.22 - 08:15

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda.


163a1aef6b05ca.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
20.12.22 - 17:47

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


1639c79ef765c6.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler
16.12.22 - 19:00

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köp görnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni «Awazada» geçirilen «Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe» döwlet Baştutanlarynyň Birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.


1639c78003c1ed.jpeg
Aşgabat Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe geçelgesi boýunça ýük daşamalary işjeňleşdirmek üçin Ýeke-täk logistika merkezini döretmegi teklip etdi
16.12.22 - 18:52

Türkmen tarapy Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe täze ulag geçelgesi boýunça ýük daşamaga amatly bolmagy üçin, ýeke-täk logistik merkezi döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen kenarynda Awazada geçirilen üç ýurduň Prezidentleriniň Birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.


1639a1fb17cebc.jpeg
Azerbaýjanyň Prezidenti nebitgaz we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda Türkmenistanyň teklibini goldady
15.12.22 - 00:10

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygy baradaky türkmen tarapynyň tekliplerini doly goldady diýip, TDH habar berdi.


1639a1d4867a5c.jpeg
«Awazada» Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň Birinji üçtaraplaýyn Sammiti başlandy
15.12.22 - 00:00

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn Sammit öz işine başlady. Onuň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylýar diýip, TDH habar berýär.


1639a19dea71c7.jpeg
«Awazada» üçtaraplaýyn Sammitiň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi
14.12.22 - 23:45

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, çarşenbe güni TDH habar berýär.


1639a140ae7d32.jpeg
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri nebitgaz we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyk meselelerini maslahatlaşdylar
14.12.22 - 23:20

Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň birinji üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berdi.


163994c20ce03d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitçileri, gazçylary we geologlary hünär baýramy bilen gutlady
14.12.22 - 09:08

Türkmenistanyň Prezidenti nebitçileri, gazçylary we geologlary hünär baýramy bilen gutlady.


16398cf6f803f2.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
14.12.22 - 00:15

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


16398c661043af.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň wekiliýeti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
13.12.22 - 23:37

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


16396d40c48357.jpeg
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri üçin Daşkentde 12 öýli ýaşaýyş jaýy gurlar
12.12.22 - 12:11

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky (Daşkent şäheri) ilçihanasyna öz işgärleri üçin Daşkent şäherinde 12 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak barada “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


163959ffdabd9d.webp
Türkmenistan Täjigistan Respublikasynda Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebini gurar
11.12.22 - 14:16

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) ilçihanasyna Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň “Ergeş Sultanow” daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak barada “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.