Makalalar
1600ff4525dddd.jpeg
«Watan ogly mertden geler»
26.01.21 - 15:52

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýeti bolan «mertlik» babatda söhbet etmeklik, biziň üçin diýseň ýakymlydyr. Häzirki zaman milli söz sungatynda «mertlik» taglymy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak täsin şahyrana eserleri göz öňüňe gelýär.


1600d5121e7aa0.jpeg
Bäşimgeldi SAPARDURDYÝEW Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýyna täze aýdymlary bilen halkymyza lezzet paýlar
24.01.21 - 15:51

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň medeniýet öýüniň zehinli aýdymçysy Bäşimgeldi Sapardurdyýewiň aýdymlaryny gaýta-gaýta diňläsiň gelýär, sebäbi olar seniň göwün dünýäňe ylham paýlaýar. Onuň ýerine ýetirýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Baga seýle», «Käkilik», «Garaşýan» ýaly aýdymlary köpçüligiň söýgüsine mynasyp boldy. Biz hem «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.


1600c2d8157505.jpeg
Buýan — ýiti ýokanç kesellerden goranmakda netijeli serişde
23.01.21 - 19:06

Ýakynda Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarladylar. Onuň düzüminde buýan köküniň ekstraktynyň bardygy bellenildi. Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhem. Ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, buýan kökünde glisirin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, şeýle hem krahmal saklanýar. Glisiriniň mukdary 6%-e golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.


1600c248caa014.jpeg
Çagalarda sowuklama ýa-da ýiti respirator wirus ýokançlaryň öňüniň alnyşynyň usullary
23.01.21 - 18:28

Çagalarda sowuklama we üsgülewük ýygy duş gelýär. Sowuklamany, köplenç, wiruslar we bakteriýalar döredýär. Sowuklama keselleri wiruslar tarapyndan döredilende, olara ýiti respirator wirus ýokançlary diýilýär (ÝRWÝ), olar dem alyş ýollarynyň dürli böleklerinde: burunda, bogazda, kekirdekde, traheýada, bronhlarda we öýkende sowuklamany döredip bilýärler.


16009cb8a38ef0.jpeg
AÝDYM – ONUŇ ÝÜREK OWAZY - Ahmet ORAZGULYÝEWYŇ doglan gününe
21.01.21 - 23:44

Aýdym — adamlaryň göwün syrdaşy. Gowy aýdym ýa-da saz diňläniňde, göwnüň ylhamlanýar. Çünki aýdym-saz – kalplaryň melhemi. Ine, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap medeniýet öýüniň baş hünärmeni, aýdymçy Ahmet ORAZGULYÝEWIŇ aýdymlary hem ynsan kalbyna mähir paýlaýar. Onuň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary diňleýjileri özüne çekýär. Bu-da biziň aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagymyza itergi berdi.


16004478d870d9.jpeg
Siziň üçin duşuşyk Aýjeren REJEBOWA
17.01.21 - 19:19

Teleýaýlymda tomaşaça hödürlenýän her bir gepleşigiň täsirli bolmagy ilki bilen alypbaryjynyň ukyp-başarnygyna baglydyr. Munuň, hakykatdanam, şeýledigini Aýjeren Rejebowanyň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy arkaly halkymyza ýetirilýän «Myhmançylykda» atly gepleşigi subut edýär.


16003338da0339.jpeg
Jogapkärli işiň ussady
16.01.21 - 23:42

Onuň zähmet depderçesinde 1983-nji ýylyň 11-nji iýulynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň häzirki Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginde zähmet ýoluna başlandygy barada diňe bir ýazgy bar.


16002e5e956739.jpeg
Ýolagçy (Oýlanma)
16.01.21 - 18:11

Men bir ýolagçy. Ýöräp barýan ýolumyň nirede, haçan, nähili tamamlanjakdygy hakynda düýbünden pikir edemok. Diňe duşumdan geçirýän ajaýyplyklarymy synlap lezzet almagy söýýärin.


15ffd6b4b0d1d4.jpeg
Täze Maksatnama – aýdyň wezipeler
12.01.21 - 14:26

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde, diwersifikasiýa ýoly bilen gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar.


15ff42ab3ae95c.jpeg
Ajaýyp döwür döretmäge ganat berýär
05.01.21 - 14:00

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynyň öňe çykaran zehinleriniň biri Aýşat Hojamuhammedowanyň ady köp sanly okyjylara tanyşdyr.


15ffb2af53f526.jpeg
Hojadurdy Ýegendurdyýew: «Tanalmak — bu entek üstünlik däl»
10.01.21 - 21:27

Il içinde gülküli degişmeleri bilen adygan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Hojadurdy Ýegendurdyýewiň her bir tomaşaça gülki-şatlyk paýlaýşy, özüne ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirişi bizi onuň bilen söhbetdeşlik etmäge iterdi.


15fec896fc890b.jpeg
Eldar Ahmedowyň täze ýylda Iň uly maksady hiç wagt unudylmajak aýdymlary döretmek
30.12.20 - 19:06

Halkymyzda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýlen ajaýyp jümle bar. Bagşy-sazandalar eziz Watanymyzy, halkymyzyň we ýurdumyzyň şöhratly taryhyny, eziz Diýarymyzyň ösüşlerini – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri ajaýyp aýdymlarynda wasp edýärler. Şeýle aýdymçylaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Eldar AHMEDOWDYR. Biz zehinli ýaş aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


15fedc03d8a028.jpeg
Akyllyja Aýläle (Hekaýa)
31.12.20 - 17:12

Gyzjagaz bakja bagyndan gelşine gapyda duran köwüşleri tertipleşdirdi. Soňra eşiklerini çalşyryndy-da, uly adam ýaly bolup, olary ýerbe-ýer goýuşdyrdy. Jigisiniň oýnap taşlan oýunjaklaryny ýygnaşdyrdy. Gyzynyň hereketlerine monça bolan ejesi:


15fe23401e643a.jpeg
Aýdym bilen adygan Mähri Pirgulyýewa
22.12.20 - 22:59

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli aýdymçylaryň biri Mähri Pirgulyýewa joşgunly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň köňül köşgünden ýer almagy başardy. Aýdymçynyň näzikden şirin owazy diňleýjilere mähirli duýgulary bagyş edýär. Biz okyjylarymyzyň söýgüsini gazanan zehinli aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


15fdf635bd54d8.jpeg
108 ýaşly enäniň bagty
20.12.20 - 19:44

Daşyňa çagalaryňy, agtyklaryňy üýşürip, olar bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli günlerimiz barada söhbet edip oturmagyň özboluşly lezzeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň serpaý eden ajaýyp döwrüniň bagtly günlerini alnyna sylýan şeýle eneleriň biri hem, bir asyry arka atan Kümüş Baýramowadyr. 1912-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglup, ykbalyň dürli kynçylyklaryny egni bilen çeken 108 ýaşly Kümüş enäniň bu gün bagtyýar durmuşy bar.