Makalalar
16055faa9ab932.jpeg
Çagalygyndan aýdym-sazyň dünýäsinde ýaşaýan Maksat TUWAKOW
20.03.21 - 18:37

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent perdeden gopýan aýdym-sazlarymyzda göwün guşumyzy al-asmana galdyrýan, kalbymyzy jadylaýan täsin gudratly güýç bar. Çagalykdan aýdym-sazyň dünýäsinde ýaşap, hoş owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan, Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Maksat TUWAKOWYŇ aýdymlaryny diňläniňde hem şeýle duýgulary başdan geçirýärsiň. Onuň «Küştdepdi», «Saňa bagly», «Az görme», «Aýly agşam» ýaly aýdymlary diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başardy.


160539c025ab95.jpeg
Azat DÖNMEZOW jigisi Kuwwat bilen täze aýdymlaryň üstünde işleýärler
18.03.21 - 23:29

2019-njy ýylda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýyl ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda yglan edýän «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» bäsleşiginiň eminleriniň gelen netijesinde, şeýle-de ildeşlerimiziň ýollan SMS-habarnamalarynyň esasynda Azat DÖNMEZOW «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2019» diýen adyň eýesi bolmagy başardy.


16052119d76bbf.jpeg
Mergen ANNADURDYÝEW täze aýdymlaryny halkymyza ýetirer
17.03.21 - 19:26

Sungat — alyslary ýakynlaşdyrýan, dosty doganlaşdyryp, kalplary birleşdirýän inçeden berk ýoda çalymdaş. Bu ýoda bilen aýak urup, aýdym-saza sarpa goýup, ony ömür örküne öwren zehinli aýdymçylaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Mergen Annadurdyýewdir.


160488b38d1aa7.jpeg
Aýdym-sazy bilen ynsan kalbyna şatlyk paýlaýan Mekan NARGULYÝEW
10.03.21 - 14:02

Halkymyz «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýip, aýdym-saz, sungat ussatlaryna uly hormat goýýar. Garaşsyz Watanymyzda bagşy-sazandalar ajaýyp aýdymlarynda eziz Diýarymyzy, Gahryman Arkadagly bagtyýar döwrümizi wasp edýärler. Şeýle aýdymçylaryň biri hem Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Mekan Nargulyýewdir. Onuň «Arkadag», «Nurana aý», «Ene ýüregi», «Ilsoltan» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Biz hem zehinli aýdymçy bilen ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.


16043785377a2a.jpeg
Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zenan hökmünde tanalýan şahyr Baýramsoltan Gurbanowa
06.03.21 - 17:40

Güneşli ülkämize bahar pasly ýetip geldi, onuň bilen birlikde gözelligiň, mähriň we tämizligiň baýramy — Halkara zenanlar güni hem barha golaýlaýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy, şahyr Baýramsoltan Gurbanowa işleşýän zähmet köpçüliginiň arasynda göreldeli hünärmen, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zenan hökmünde tanalýar.


1603fa0834a87c.jpeg
Çyn sungaty döredýän Amangül GURBANOWA
03.03.21 - 19:43

Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Gurbanowanyň aýdymlaryny diňläniňde, onuň belent sesine, şirin owazyna maýyl bolýarsyň. Aýdymçy zenanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän «Arkadag bilen», «Watan», «Söý, ezizim», «Intizar etdiň peri» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan has-da söýlüp diňlenilýär. Biz hem «USSAT NEWS» elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


1603e87c9d948b.jpeg
Begmyrat ANNAMYRADOW bagtly durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlary döretmegi maksat edinýär
02.03.21 - 23:45

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungaty pajarlap ösýär. Hoş owazy bilen halkyň söýgüsini gazanan aýdymçylaryň biri hem Begmyrat ANNAMYRADOWDYR. Onuň «Ýaşa, mähriban Arkadag!», «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», «Arkadagym mähriban», «Jan enem» ýaly aýdymlary köpüň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Biz hem köp sanly islegleri nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.


160367f884efb5.jpeg
Dursunjemal GAZAKOWA aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar
24.02.21 - 21:32

Türkmenistanyň at gazanan artisti Dursunjemal GAZAKOWANYŇ näzikden ýakymly owazynyň muşdaklary kän. Onuň «Söýüň, söýüň, Arkadagly Diýary», «Watanym», «Durnalar», «Gabanma», «Garaşýan», «Gözleriň» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Ol aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar. Dessançy gelin bilen USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.


1602ea50287139.jpeg
ŞATLYK GURBANNAZAROWYŇ kämillige uzaýan ýoly
18.02.21 - 22:33

Zehinli ýaş aýdymçy Şatlyk Gurbannazarow hoş owazly aýdymlary bilen teleradioýaýlymlarda ýygy-ýygydan çykyş edýär. Ol mukamçy kompozitor, ussat bagşy Döwletgeldi Ökdirowyň ýerine ýetiren «Bibijan», «Pyragyny gören daglar», «Zülpüň», «Maral», «Gözel Sumbaryň nary» ýaly aýdymlary bilen bilelikde ençeme estrada aýdymlaryny ussatlarça ýerine ýetirýär.


160254e0cea830.jpeg
Nurýagdy Rejebow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni ajaýyp aýdymlarynda wasp edýär
11.02.21 - 20:32

Şu gün joşgunly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanyp, ýaşlaryň arasyndan saýlanmagy başaran aýdymçy, Tűrkmenistanyñ at gazanan artisty Nurýagdy REJEBOW bilen USSAT NEWS gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.


16023f7494e781.jpeg
Ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy Meýlis HALBAÝEW
10.02.21 - 20:10

Çagalykdan owazlar dünýäsine aralaşan, ajaýyp owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy ýigitleriň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Meýlis HALBAÝEWDIR. Ol «Bitaraplyk ýolunda», «Watan», «Awaza», «Hoş gal», «Bagyş edeli» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


16022d4fce7af6.jpeg
Internet hyzmatlary elýeterli bolmagy raýatlarymyzda Gahryman Arkadagymyza çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi
09.02.21 - 23:31

Halkyny röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenilýän Internet hyzmatlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, köpçülige Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrmagy raýatlarymyzda çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi.


160217d4ed95fd.jpeg
Watanymyzyň at-abraýyny ençeme gezek iň ýokary derejä götermegi başaran maşgala
08.02.21 - 23:05

Balkanabatly Durdyýewleriň şaşkaçylar maşgalasy sportuň bu görnüşi babatda ata Watanymyzyň at-abraýyny ençeme gezek iň ýokary derejä götermegi başaran maşgala hökmünde giňden tanalýar. Maşgalabaşy Hojadurdy Durdyýew «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi», ýurdumyzyň 16 gezek çempiony, halkara derejeli emin, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesidir.


1604bb25f868e3.jpeg
Baýramhan SAPAROWYŇ aýdymly dünýäsi
08.02.21 - 21:40

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýär. Ynsan kalbyna bir pursatlyk hem bolsa owadan duýgulary bagyşlap bilmek hem uly bagt. Şeýle owadan duýgulary paýlaýan ýaş aýdymçy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Baýramhan SAPAROWDYR.


1601fe55395b45.jpeg
Hormatly mugallymyň hormatly ady Balkan welaýatynda çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul edildi
07.02.21 - 18:04

2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy.