Makalalar
15fcf4396cef7f.jpeg
Magtymguly, budur türkmen binasy
08.12.20 - 14:12

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi – Magtymguly atamyzyň durmuş ýüzünde hakykata öwrülmegini arzuw edip, hyýalynda guran «Türkmen binasynyň», «Berkarar döwletiniň», «Ajap eýýamynyň» mizemejek berk binýady bolup, milletimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň mäkämdiginiň, ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatlygynyň, rahatlygynyň sarsmazdygynyň amalyýetiniň beýik simwolydyr.


15fca6049d3947.jpeg
Buýsançly kalplar (hekaýa)
04.12.20 - 21:14

Lukmançylyk ugrundan ýokary okuw mekdebini tamamlap, ýakynda işe başlan Döwran Durdyýew hassahana hemişekileri ýaly, bu gün hem ir geldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän bu hassahana dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendi. Döwran bu ýere gelen ilkinji gününden syrkawlara höwes bilen seredip, olaryň saglyklaryny berkitmekleri üçin elinden gelenini edýärdi.


15fc92da77ef37.jpeg
Onda şygryýete söýgi bar
03.12.20 - 22:37

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgerişliklerden gülleýän diýarymyzyň ösüşlerine guwanmazlyk mümkin däl. Şol ajaýyplyklary ýazyjy-şahyrlar şygyrlarynda wasp etse, bagtyýarlyga beslenen pursatlar suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Kompozitorlar bolsa gülzarlygyň goýnunda gülleýän Watanymyzyň şanyna ajaýyp saz eserlerini döredýärler.


15fc9101712841.png
Nebitli känleriň işlenip geçilişi
03.12.20 - 21:19

Bütindünýä nebitgaz tejribesinden belli bolşy ýaly, çig nebitiň ýerasty baýlyk hökmünde emele gelşi köptapgyrly, gaty çylşyrymly we uzak döwürli himiki hadysalary öz içine alýar hem-de dünýä alymlary bu çylşyrymly himiki öwrülişikleriň inçe syrlaryny şu güne çenli içgin öwrenýärler.


15fc35bef65053.jpeg
Sowgat (Hekaýa)
29.11.20 - 13:29

Mundan on bäş, ýigrimi ýyl uzakda galan, kem-kemdenem arany açyp barýan mekdep ýyllaryny, söýgi humaryna başy sämedip ýörlen günleri ýatlamak meniň üçin-ä diýseň ýakymly. Bujagaz ýatlamamam şol, süýji günleriň bir sahypasy…


15fc1d744b8ac5.jpeg
Türkmenistanyñ hemişelik Bitaraplygy durnukly ösüşiñ ygtybarly ýoly
28.11.20 - 09:51

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyna şanly sahypa bolup ýazyldy. Dünýä bileleşiginiň belent münberinden Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky rezolýusiýa äleme jar edildi.


15fba04b77d2fe.jpeg
Ýakyn 10 ýylda durmuşymyza girjek 12 täzelik
22.11.20 - 11:15

5G öňümizdäki 10 ýylyň yzygiderli artýan maglumat alyş-çalyş zerurlygyny amala aşyrmakda iň esasy kömekçi bolup hyzmat etmäge başlar. Ýakyn geljekde adaty öý şertlerinde hem 5G tizlikli internet baglanşygyny ulanmaklygy ýola goýular;


15fb2127af3f6a.jpeg
Hünärini söýen gyz (Hekaýa)
16.11.20 - 10:47

Giň gözýetime uzap gidýän çöllükde adaty bolmadyk imisalalyk höküm sürýärdi. «Şatyr-şatyr» edip ýanýan sazak oduna goýlan tüňçäniň lykyrdap gaýnaýan sesi diýmeseň ümsümlikdi. Hemişe säher bilen ala-goh bolup, zenzele turuzýan tehnikalaryň sesi-de eşidilenokdy.


15fab7938653e3.jpeg
OGT-2020 maslahaty – dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
11.11.20 - 10:40

28 – 29-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty nebitgaz işewürliginiň dünýäsinde möhüm waka öwrüldi. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde çap edilen köpsanly habarlardyr makalalar munuň aýdyň subutnamasy boldy.


15f9cfb1adcfb0.jpeg
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty ýokary derejede geçirildi
31.10.20 - 10:50

28 – 29-njy oktýabrda, Ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty ýokary derejede geçip, ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.


15f9add08464aa.jpeg
Arçmanyň suwy — derde derman
29.10.20 - 20:17

Arçman şypahanasyndaky çeşme suwunyň kesel bejerijilik täsirini ylmy taýdan öwrenmek geçen asyryň başlaryndan (1910-njy ýyl) ugur alýar. Şondan bäş ýyl çemesi wagt geçenden soň, saglygyny dikeltmek maksady bilen adamlar bu ýere gelip ugraýar.


15f8ddadecd153.jpeg
Tebigy baýlyklaryň mesgeni
19.10.20 - 23:28

139 müň inedördül kilometr giňişligi tutýan Balkan welaýatyny «Baýlyklaryň mesgeni» diýip atlandyrmaga doly esas bar. «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli otuza golaý nebitli, nebit-gazly we gazly ojaklar bolup, olaryň esasylarynyň biri hem Barsagelmez nebitgaz ýatagydyr.


15f7cbf1c8f17a.jpeg
Dünýä derejesindäki şypahana
07.10.20 - 00:01

«Saglyk» döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap saglyk ulgamy kemala gelýär. Dünýä standartlaryna gabat gelýän sagaldyş merkezleri, şypahanalar we dynç alyş öýleri yzygiderli ulanmaga berilýär.


15f7cbb6dc9377.jpeg
Salpyja (Bolan waka)
06.10.20 - 23:46

Çagalyk döwründäki görlüp-eşidilen gyzykly wakalar hiç ýatdan çykmaýar. Ol wagtlar meniň üçin hemme zat gyzyklydy. Biz Goşa-guýujyk diýen ýerde ýaşaýardyk.


15f7cb57a34a87.jpeg
Palçyk wulkanlary tebigy gazyň buşlukçysydyr
06.10.20 - 23:20

Taryha ser salsaň, türkmen topragy örän irki döwürlerden bäri nebit bilen bir hatarda tebigy gazlary hem öz goýnunda saklaýan hazyna hökmünde bellidir. Nebit-gaz çykarmakda ady şöhrata dolan Esenguly (Çekişler) sebitinde gazyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmagy geçen asyryň başlarynda palçyk wulkanlarynyň ýeriň ýüzüne atylyp çykmagy bilen şol wagtky syýahatçylaryň, barlagçylaryň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň ünsüni özüne çekipdir.