Makalalar
1648a147996c9e.jpeg
Ruhubelent gazçylar
15.06.23 - 00:26

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük» önümçilik edarasynyň gazçylary şu ýylyň ilkinji çärýegini netijeli jemlediler.


1647d90efda13a.jpeg
Gazçylaryň şäheri özgerýär
05.06.23 - 12:38

«Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý-jemagat kontorasynyň işgärleri Mary welaýatynyň Şatlyk şäheriniň ilatynyň gündelik oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi üçin maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Şäheriň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, gyş paslynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini gazanmak, durmuş hajatlaryndan çykýan lagym suwlaryny suw arassalaýjy desgasyna akdyrmak we ony biologik usulda arassalamak, şäheriň abadançylygyny üpjün etmek kärhananyň zähmet adamlarynyň berjaý edýän işleriniň esasy bölegini düzýär.


1646e656ade378.jpeg
Öňdebaryjylaryň netijeli işleri
25.05.23 - 00:28

Bu burawlaýjylar toparynyň agzalarynyň atlary diňe bir «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda däl, eýsem, tutuş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda hem öňdebaryjylaryň hatarynda hormat bilen agzalýar. Munuň özi ýöne ýerden däldir. Biziň aşakdaky ýazgylarymyz hem bu öňdebaryjy toparyň agzalarynyň alyp barýan tutumly işleri, olaryň ýolbaşçysy, umumy işe mynasyp goşant goşýan adamlar hakynda bolar.


1646c4b73d413e.jpeg
Ylmy-barlag we taslama işleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge ýardam edýär
23.05.23 - 10:13

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin onuň öňünde duran köp sanly toplumlaýyn meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam etmek bilen, geologiýa gözleg, ýataklary işläp geçmeklige taýýarlamak we ulanyşa goýbermek, burawlamak, gaz pudagynyň ähli desgalarynda gurmak-gurnamak we durkuny täzelemek, şol sanda gazy gaýtadan işlemek we taýýar önümi sarp edijilere ugratmak boýunça ylmy-barlag we taslama işlerini ýerine ýetirýär.


1646bd03d4f6a4.jpeg
Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty
23.05.23 - 01:27

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işleri täze ösüş tapgyrlaryna aýak basýar.


1646bcad0dfaa5.jpeg
Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy
23.05.23 - 01:04

Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä döwletlerine ugratmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň çäginde ýurdumyzda nebit we gaz gorlarynyň täze ýataklarynyň üsti açylýar.


1645e9a611c11e.jpeg
«Mawy ýangyjyň» eşretli höziri
13.05.23 - 00:58

Bahar paslynyň gelmegi bilen, toýlaryň toýa ulaşmagy «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine olaryň Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu günler gazanýan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.


1645b78ebc804c.jpeg
Çeleken — hazynalar mesgeni
10.05.23 - 15:58

Ylmyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige içgin ornaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda hem öz mynasyp çözgüdini tapýar.


164425798cb863.jpeg
Türkmenistan durnukly energetikany goldamak meselesinde halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
21.04.23 - 14:30

Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ol dünýäde we sebitde geosyýasy we ykdysady ýagdaýy nazara almak bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar.


164410009dd6a5.jpeg
Zähmet gadamlary batlanýar
20.04.23 - 14:04

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler.


1643645a399246.jpeg
Sungata örküni baglan Nurmuhammet Akmyradow
12.04.23 - 10:46

Aýdym-sazyň hoş owazy ynsan kalbyna ylham paýlaýar. Ýurdumyzda ykbalyny sungata baglan adamlara uly hormat goýulýar. Ençeme ýyl bäri sungata örküni baglap, halkyň söýgüsine mynasyp bolanlaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň müdiri Nurmuhammet Akmyradowdyr. Onuň bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.


1642d7351896b4.jpeg
Nebiti gaýtadan işleýjileriň gaýratly işleri
03.04.23 - 23:57

Ýene öňe gitmeli, täze sepgitleri ynamly eýelemeli, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaly. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we ezber işgärleri, ine, şeýle maksada gulluk edýärler. Aýdyň maksatlara beslenip, yhlas bilen çekilýän agzybirlikli zähmet olara ýylyň-ýylyna uly rowaçlyklary getirýär. Munuň şeýledigine geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň önümçilik görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär.


16428847a4d1ee.jpeg
«AssA» – nebitçiler şäheriniň döredijilik topary
02.04.23 - 00:22

«AssA» topary türkmen nebitçileriniň paýtagty Balkanabat şäheriniň meşhur döredijilik toparlarynyň biri bolup, ol tans sungatynyň höwesjeň zehinli ýaşlaryny birleşdirýär. Toparyň baý mazmunly sahna gorunda dünýä halklarynyň tanslary bar.


16427cdfb52236.jpeg
Arkalaşykly işiň miwesi
01.04.23 - 11:23

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat —Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» önümçilik edarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze döredijilik gözlegleri bilen işleýän öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biridir.


164252d9f73055.jpeg
Has çuň gatlaklara aralaşyp
30.03.23 - 11:35

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji mejlisinde nebitgaz ulgamynyň işleri baradaky hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.