Makalalar
15fedc03d8a028.jpeg
Akyllyja Aýläle (Hekaýa)
31.12.20 - 17:12

Gyzjagaz bakja bagyndan gelşine gapyda duran köwüşleri tertipleşdirdi. Soňra eşiklerini çalşyryndy-da, uly adam ýaly bolup, olary ýerbe-ýer goýuşdyrdy. Jigisiniň oýnap taşlan oýunjaklaryny ýygnaşdyrdy. Gyzynyň hereketlerine monça bolan ejesi:


15fe23401e643a.jpeg
Aýdym bilen adygan Mähri Pirgulyýewa
22.12.20 - 22:59

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli aýdymçylaryň biri Mähri Pirgulyýewa joşgunly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň köňül köşgünden ýer almagy başardy. Aýdymçynyň näzikden şirin owazy diňleýjilere mähirli duýgulary bagyş edýär. Biz okyjylarymyzyň söýgüsini gazanan zehinli aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.


15fdf635bd54d8.jpeg
108 ýaşly enäniň bagty
20.12.20 - 19:44

Daşyňa çagalaryňy, agtyklaryňy üýşürip, olar bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli günlerimiz barada söhbet edip oturmagyň özboluşly lezzeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň serpaý eden ajaýyp döwrüniň bagtly günlerini alnyna sylýan şeýle eneleriň biri hem, bir asyry arka atan Kümüş Baýramowadyr. 1912-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglup, ykbalyň dürli kynçylyklaryny egni bilen çeken 108 ýaşly Kümüş enäniň bu gün bagtyýar durmuşy bar.


15fcf4396cef7f.jpeg
Magtymguly, budur türkmen binasy
08.12.20 - 14:12

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi – Magtymguly atamyzyň durmuş ýüzünde hakykata öwrülmegini arzuw edip, hyýalynda guran «Türkmen binasynyň», «Berkarar döwletiniň», «Ajap eýýamynyň» mizemejek berk binýady bolup, milletimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň mäkämdiginiň, ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatlygynyň, rahatlygynyň sarsmazdygynyň amalyýetiniň beýik simwolydyr.


15fca6049d3947.jpeg
Buýsançly kalplar (hekaýa)
04.12.20 - 21:14

Lukmançylyk ugrundan ýokary okuw mekdebini tamamlap, ýakynda işe başlan Döwran Durdyýew hassahana hemişekileri ýaly, bu gün hem ir geldi. Ähli amatlyklary özünde jemleýän bu hassahana dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendi. Döwran bu ýere gelen ilkinji gününden syrkawlara höwes bilen seredip, olaryň saglyklaryny berkitmekleri üçin elinden gelenini edýärdi.


15fc92da77ef37.jpeg
Onda şygryýete söýgi bar
03.12.20 - 22:37

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgerişliklerden gülleýän diýarymyzyň ösüşlerine guwanmazlyk mümkin däl. Şol ajaýyplyklary ýazyjy-şahyrlar şygyrlarynda wasp etse, bagtyýarlyga beslenen pursatlar suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Kompozitorlar bolsa gülzarlygyň goýnunda gülleýän Watanymyzyň şanyna ajaýyp saz eserlerini döredýärler.


15fc35bef65053.jpeg
Sowgat (Hekaýa)
29.11.20 - 13:29

Mundan on bäş, ýigrimi ýyl uzakda galan, kem-kemdenem arany açyp barýan mekdep ýyllaryny, söýgi humaryna başy sämedip ýörlen günleri ýatlamak meniň üçin-ä diýseň ýakymly. Bujagaz ýatlamamam şol, süýji günleriň bir sahypasy…


15fb2127af3f6a.jpeg
Hünärini söýen gyz (Hekaýa)
16.11.20 - 10:47

Giň gözýetime uzap gidýän çöllükde adaty bolmadyk imisalalyk höküm sürýärdi. «Şatyr-şatyr» edip ýanýan sazak oduna goýlan tüňçäniň lykyrdap gaýnaýan sesi diýmeseň ümsümlikdi. Hemişe säher bilen ala-goh bolup, zenzele turuzýan tehnikalaryň sesi-de eşidilenokdy.


15f7cbb6dc9377.jpeg
Salpyja (Bolan waka)
06.10.20 - 23:46

Çagalyk döwründäki görlüp-eşidilen gyzykly wakalar hiç ýatdan çykmaýar. Ol wagtlar meniň üçin hemme zat gyzyklydy. Biz Goşa-guýujyk diýen ýerde ýaşaýardyk.