Has çuň gatlaklara aralaşyp
30.03.23 - 06:35Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji mejlisinde nebitgaz ulgamynyň işleri baradaky hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Guwandyryjy jemler, geljege ynam bilen
27.03.23 - 13:00— Geçen ýylda ýurdumyzda uly ösüşler, düýpli özgerişlikler gazanyldy. Şeýle üstünlikde biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleriniň hem mynasyp zähmet paýy bar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen gürrüň berýär.
Türkmenistanyň Geofizikleriň işleri ileri
19.03.23 - 09:30«Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmenleri uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak ugrunda yzygiderli berýän kömek-goldawlary arkaly «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalaryna degişli gözleg hem ulanyş guýularynyň üç ýüz ýigrimi bäşden köpräginde geofiziki barlaglary we beýleki işleri geçirip, täze — 2023-nji ýyla şowly badalga aldylar.
Ýyladyş desgalarynyň kadaly işlemegi gazanylýar
20.02.23 - 11:11«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň işçi-hünärmenleri häzirki gyş günlerinde müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün edýärler.
Eksporta niýetlenen önümler
13.02.23 - 06:47«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemekde, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda ýokary önümçilik netijelerini gazanýanlaryň arasynda Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň işgärleriniň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalmaga mynasypdyr. Olaryň agzybirlik hem-de yhlas bilen çekýän zähmeti ýerine düşýär.
Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
10.02.23 - 07:32«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji ýyllarymyzdan başlap ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär. Milliardlarça amerikan dollary möçberinde maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi bilen bu toplumda katalitik reforminginiň we millisekunt katalitik krekinginiň, ýokary oktanly benzin, çalgy ýaglaryny, polipropilen öndürýän, dizel ýangyjynyň gidroarassalaýyş önümçiliginiň, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary guruldy.
Täze binada, amatly şertlerde
29.01.23 - 09:08Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýaly röwşen ýoly uly ynam bilen ýöredýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyz sözüň doly manysynda uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Biri-birinden owadan, işlemek, ýaşamak üçin amatly ymaratlar oba-şäherlerimize görk berýär. Şeýle binalaryň biri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň adybir obasynda peýda boldy.
Hem gymmatly, hem islegli baýlyk
15.01.23 - 06:28Türkmenistan ýoduň gorlary boýunça dünýäde öňdäki döwletleriň hatarynda tanalýar, Garaşsyz döwletimiziň sebitde ilkinji, tutuş dünýäde bolsa, dördünji bolup, öz halkyny ýodlaşdyrylan nahar duzy bilen üpjün eden ýurtdugyny hem aýtmak gerek. Mukaddeslige deňelýän bu önümi talabalaýyk ýodlaşdyrmakda zerur bolan çig mal hem öz Diýarymyzdan alynýar.
«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi
04.01.23 - 03:29Ýurdumyzda giňden toýlanan goşa baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 60-njy ulanyş guýusy agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işleri üstünlikli ýerine ýetirilip, önümçilige girizildi.
Suw arassalaýjylaryň hyzmaty
30.12.22 - 06:10Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň çägindäki gaz känlerinde täze ulanyş guýularynyň önümçilige girizilmegi bilen «Marygazçykaryş» müdirligi boýunça tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberleriniň artmagynda hyzmat ediş kärhanalarynyň her biriniň mynasyp goşandy bardyr.
Beýik başlangyçlar rowaçlanýar
20.12.22 - 19:00Ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň bellenilýän dekabr aýynda beýik başlangyçlaryň birnäçesine ak pata berlip, uly öwrülişikler nebitgaz ulgamynda hem amala aşyryldy. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda dört döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu halkara gaz geçirijisi Türkmenistanyň çäginden Hindistana çenli 1814 kilometre uzalyp gidýär.
Gerimli we netijeli gözlegler
20.12.22 - 18:55Biz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň baş geology Şanazar Anarow bilen habarlaşyp, şanly ösüşlere, taryhy wakalara baý bolan ýylyň geçen aýlarynda ýetilen sepgitler bilen tanyşdyk.
Sargytlar ýerine ýetirilýär
02.12.22 - 18:37Nebitgazly ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işleriniň netijeliligini gazanmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär.
«Mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görýärler
25.11.22 - 11:09«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary howanyň sowuk döwri bolan güýz-gyş möwsüminiň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Häzirki döwürde welaýat merkezi bolan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýan edaranyň agzybir işgärleri welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri bilen birlikde şäherde bar bolan ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi ugrunda hem wajyp işleri durmuşa geçirýärler.
Garadaşlydaky gerimli işler
19.11.22 - 17:37Islendik zähmet adamy üçin bitirýän işiniň miwesini görmek uly bagt. Şonda gazanylan gowy netijeden çäksiz kanagatlanma alnyp, ynsan ömri çuňňur many-mazmuna beslenýär. Şeýle ýakymly pursatlar Timur Bazarowyň durmuşynda hem az bolanok. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar.